Penşenbe güni, 8-nji ýanwarda birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserni bilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Özbegistanyň işewürleri “SN-350” kysymly başlangyç ýagyny hem-de “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny satyn aldylar.
Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýe Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 4 720 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy.







