Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasyny tassyklamak baradaky Karara gol çekdi. Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmeklige, welaýatlaryň we etraplaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda oba hojalyk ekinlerini görnüşleri boýunça ýerleşdirmeklige, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmaklyga, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak arkaly oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini has-da artdyrmaklyga gönükdirilendir.
Karara laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine, degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň häkimliklerine ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, öňdebaryjy tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmak arkaly oba hojalyk ekinleriniň bol hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.







