Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi
welaýatlarda täze döredilen etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň we welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine saýlawlary bellemek hakynda Karar kabul etdi.
Resminama laýyklykda, halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynda, Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk, Gubadag, Lebap welaýatynyň Döwletli, Farap, Garabekewül etraplarynda, Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynda geçiriler.
Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň möhletinden öň çykyp gidendikleri bilen baglylykda, saýlawlar Lebap welaýatynyň 74-nji «Amyderýa», 79-njy «Darganata», Mary welaýatynyň 104-nji «Peşanaly» we 106-njy «Wekil» saýlaw okruglary boýunça bellenildi.
Saýlawlar 2026-njy ýylyň 29-njy martyna, ýekşenbe gününe bellenildi.







