GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 11 aýda 4,5 million tonnadan gowrak nebit gaýtadan işlenildi
05.01.2026

"Türkmennebit" döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda geçen ýylyň 11 aýynda 4 million 506 müň tonnadan gowrak nebit gaýtadan işlenildi. Bu bolsa meýilnamada bellenen görkezijilerden 6,7 göterim ýokarydyr.

Kärhananyň hünärmenleri hasabat döwründe dürli görnüşli ýokary hilli benziniň 1 million 345 müň tonna golaýyny öndürip, sarp edijilere ýetirdiler. Yzygiderli döwrebaplaşdyrylýan we täze önümçilik desgalary bilen enjamlaşdyrylan zawodlar toplumy kerosin, dizel ýangyjy, mazut, polipropilen, çalgy ýaglary, nebit koksy, nebit bitumy we suwuklandyrylan gaz ýaly önümleriň öndürilişinde-de ýokary netijeleri görkezdi.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda uglewodorod çig malyndan öndürilýän önümler ýokary hil standartlaryna doly laýyk gelýär.