GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere gutlag iberdi
05.01.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere şanly 70 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli berkidilýär we mazmun taýdan baýlaşdyrylýar. Biz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem-de täze sepgitlere ýetirilmegine uly ähmiýet berýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Federal Prezident Frank-Walter Ştaýnmaýere berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň halkynyň abadançylygyna we gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.