Aşgabatdaky «Mekan» köşgünde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň jemlerine bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň guramagynda geçirilip, oňa Hökümet agzalary, diplomatlar we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy Rejep Bazarow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan işleriň ýurdumyzyň halkara abraýynyň berkemegine ýardam edendigini belledi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" diýip yglan etmek baradaky Kararnamany Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edendigi barada hem aýdyldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurduň özünde we daşary ýurtlarda ýüzlerçe çäreleriň geçirilendigini belläp geçdi.
Wise-premýer, daşary işler ministri Baş Assambleýanyň şu ýylyň 15-nji dekabrynda kabul edilen «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» hem-de «Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar üçin)» atly Kararnamalaryna aýratyn ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili, Türkmenistanyň Gahrymany Aksoltan Ataýewa ýylyň esasy üstünlikleri barada aýtdy. Nygtalyşy ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikdäki hemme çäreler Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2024-nji ýylyň 21-nji martynda biragyzdan kabul edilen degişli Kararnamanyň esasynda geçirildi.
Hususan-da, tamamlanyp gelýän ýylda Türkmenistan Baş Assambleýa tarapyndan 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýlanyldy, ýurtda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty geçirildi, onuň netijeleri boýunça Hereketleriň Awaza maksatnamasy we Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi.
ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Özbegistanyň we Eýranyň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri Türkmenistanyň parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekdäki ornuna ýokary baha berdiler. ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyna yzygiderli goldaw berýändigini aýtdy.
Dabaranyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli resminamalary okalyp, daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryna, Türkmenistanyň raýatlaryna “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medaly hem-de “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy” atly ýadygärlik kümüş nyşany gowşuryldy.







