Türkmenistanyň raýatlary iň gowy görülýän maşgala baýramçylyklarynyň biri bolan Täze ýyly garşy almaga işjeň taýýarlanýarlar. Däp boýunça baýramçylyk saçagy bol we dürli-dürli tagamlar bilen bezilýär. Bazarlarda we söwda merkezlerinde özboluşly bezegde taýýarlanan süýjülik sowgatlaryň köp sanly görnüşleri ilata hödürlenýär.
Ýerli öndürijiler milli äheňlerde bezelen baýramçylyk gaplamasynda önümlerini taýýarladylar. Täze ýyl toplumlarynyň bahasy ortaça 35 manatdan başlanýar.
Baýramyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň keşbi has-da gözelleşdi. Aşgabat çyralar we bezeg yşyklandyryşlary bilen şöhle saçýar, agşamlaryna bolsa şäherimiz aýratyn baýramçylyk görnüşlerine eýe bolýar. Köçeler, meýdançalar we binalar baýramçylyk ruhuny döredýän yşykly kompozisiýalar bilen bezeldi. Jemgyýetçilik ýerlerinde bezelen Täze ýyl arçalary oturdyldy, gezelenç etmek we maşgala suratlaryny almak üçin meşhur bolan fotosurat zolaklary guraldy.
Baýramçylyk ruhy şäheriň bazarlarynda hem duýulýar. Alyjylar harytlaryň dürli-dürlüligini we söwda hatarlarynyň ajaýyp bezelendigini nygtaýarlar.







