Halkara Parahatçylyk
we Ynanyşmak Ýyly
Aşgabatda zähmetde tapawutlanan raýatlara sylaglary gowşurmak dabaralary geçirildi
22.12.2025

Ýurdumyzyň zähmetde tapawutlanan raýatlaryna “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny, şeýle hem “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy” atly ýadygärlik altyn we kümüş nyşanlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi.

Dabaralaryň dowamynda bellenilişi ýaly, raýatlaryň uly toparynyň “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglanylmagy döwletimiziň olaryň uzak ýyllaryň dowamynda çeken tutanýerli hem-de netijeli zähmetine ýokary baha berýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşuryş dabarasy boldy. Ýubileý medallary we ýadygärlik kümüş nyşanlary bilen jemi 449 adam sylaglandy. Olaryň 158-si medallara, galan 291-si bolsa ýadygärlik nyşanlaryna mynasyp boldy.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti