Halkara Parahatçylyk
we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Sankt-Peterburga geldi
22.12.2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 21-nji dekabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl sammitine gatnaşmak maksady bilen, Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Birnäçe sagatdan soňra, Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Sankt-Peterburg şäheriniň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar mähirli garşyladylar.

GDA-nyň resmi däl sammitleri agza döwletleriň Baştutanlaryna ynanyşykly dialogy alyp barmaga mümkinçilik berýän möhüm meýdança öwrüldi. Şeýle duşuşyklar, resmi mejlislerden tapawutlylykda, ýörite bellenen gün tertibi bilen çäklendirilmän, sebit durnuklylygy, ykdysadyýet we medeni hyzmatdaşlyk ulgamlaryndaky möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly şertleri döredýär. Şeýle formatda tamamlanyp barýan ýylyň netijeleriniň jemlenilmegi, geljek üçin meýilnamalaryň kesgitlenilmegi döwlet Baştutanlarynyň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmaga, wajyp meseleler boýunça çözgütleri tapmaga ýardam berýär.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti