Halkara Parahatçylyk
we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Imperatory bilen duşuşdy
20.12.2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 19-njy dekabrda iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy.

Onuň Alyjenaby Imperator belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, döwlet Baştutanymyzyň Ýaponiýa amala aşyrýan şu gezekki saparynyň döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda we giňeltmekde nobatdaky möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler we bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Onuň Alyjenaby Imperator bilen şu ýylyň dowamynda ikinji gezek duşuşýandygyna örän şatdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Imperatora Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ekologik abadançylyga möhüm ähmiýet berýändigine ünsi çekip, “ýaşyl” energetika, suw serişdelerini dolandyrmak, ekologik tehnologiýalar ulgamlarynda ýapon işläp taýýarlamalaryna gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga açykdygyny tassyklap, özara gatnaşyklary ösdürmäge goşýan ägirt uly şahsy goşandy üçin Imperatora minnetdarlyk bildirdi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti