2028-nji ýyly "Halkara hukugyň ýyly" diýip yglan etmek baradaky Türkmenistanyň teklibini Aşgabatda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşyjylar - döwlet we hökümet Baştutanlary biragyzdan goldady. Bu goldaw forumdan soň kabul edilen Aşgabat Jarnamasynda beýan edildi.
"Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza döwletlerini ählumumy parahatçylygyň binýady hökmünde köptaraply hyzmatdaşlyk mehanizmlerini berkitmäge we Türkmenistanyň 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky teklibini goldaýandygymyzy beýan edýäris" diýlip, halkara resminamada aýdylýar.
Aşgabat Jarnamasynda şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna (2025), Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumy geçirendigi, şeýle hem hemişelik bitaraplyk ýörelgelerini yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan yzygiderli goşandy üçin Türkmenistanyň halkyna we Hökümetine çuňňur minnetdarlyk bildirilýär.
12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumy geçirildi.







