12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumy: Durnukly geljek üçin maksatlarda agzybirlik” atly halkara ýokary derejeli gatnaşyjylary - döwlet we hökümet Baştutanlary halkara gatnaşyklarda gepleşige, parahatçylyga, ynanyşmaga esaslanýan yzygiderli çemeleşmäni öňe sürmekde Türkmenistanyň öňbaşçylygyny ykrar etdiler. Bu barada forumdan soň kabul edilen Aşgabat Jarnamasynda aýdylýar.
"Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty arkaly Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyllarynyň, ynamy pugtalandyrmak çäreleriniň amaly nusgasy bolup hyzmat edýän 2023-nji ýylyň we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyllarynyň çäklerinde ählumumy çäreleri başlap we durmuşa geçirip, halkara gatnaşyklarda gepleşige, parahatçylyga, ynanyşmaga esaslanýan yzygiderli çemeleşmäni öňe sürýän Türkmenistanyň öňbaşçylygyny ykrar edýäris" diýlip, halkara resminamada yglan edilýär.
Forumyň hormatly wekilleri Bitaraplyk syýasatyna esaslanýan, deň we bölünmez howpsuzlyk ýörelgesine eýerýän edýän bu köpugurly çemeleşmäniň diňe bir syýasy durnuklylyga däl-de, eýsem, durmuş, ykdysady, ekologiýa we ynsanperwer durnuklylyga-da ýardam edýändigini, şeýlelikde, ählumumy parahatçylyk medeniýetini güýçlendirýändigini tassykladylar.
12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan forum geçirildi.







