Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde 15-nji dekabrda Täze ýylyň öňüsyrasynda ýurduň Baş Täze ýyl arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi.
Asylly däbe laýyklykda, dabaralaryň esasy merkezi hökmünde Köpetdagyň etegindäki «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança saýlandy. Bu ýerde belent arça oturdylyp, onuň töwereginde baýramçylyk ruhuny alamatlandyrýan ajaýyp bezegler döredildi.
Dabara paýtagtyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň, folklor we tans toparlarynyň, sirk we teatr artistleriniň hem-de erteki gahrymanlarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Aýazbabanyň jadyly taýagynyň kömegi bilen Baş arçanyň yşyklarynyň ýakylmagy çäreleriň iň täsirli pursady boldy.
Şol bir wagtyň özünde ýurduň welaýatlarynyň şäher merkezlerinde gurnalan Täze ýyl arçalarynyň hem yşyklary ýakyldy. Ol ýerlerde baýramçylyk çykyşlary guralyp, aýdym-sazlar ýaňlandy, çagalar Täze ýyl arçalarynyň daşyndan aýlanyp, şadyýan çykyşlar bilen baýramçylyk şatlygyny paýlaşdylar.







