Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 15-nji dekabrda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda halkara ders bäsleşiklerinde we sport ýaryşlarynda dünýä derejesinde baýrakly orunlara eýe bolan ýaşlara, şeýle-de olaryň halypa mugallymlaryna we tälimçilerine sylaglary gowşurdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken degişli resminamalaryna laýyklykda, dünýä derejeli sport ýaryşlarynda altyn medal gazanan türgenler we olaryň tälimçileri 2025-nji ýylda öndürilen «Toyota Camry» kysymly ýeňil awtoulag bilen sylaglandy. Kümüş medala mynasyp bolan türgenlere 70 müň manat, bürünç medal gazananlara 40 müň manat pul baýragy berildi. Şeýle hem dünýä derejeli ýaryşlarda kümüş we bürünç medal gazanan türgenleri taýýarlan tälimçiler 70 müň manat möçberinde pul baýragyna eýe boldular.
Ýaşlaryň halkara derejedäki ders bäsleşiklerinde hem-de olimpiadalarda gazanan ýokary üstünlikleri, olaryň halypa mugallymlarynyň hyzmatlary göz öňünde tutulyp, dünýä derejeli olimpiadalarda ikinji orny eýelän, kümüş medal gazanan okuwçylara 70 müň manat, üçünji orna we bürünç medala mynasyp bolan okuwçylara 40 müň manat pul baýragy berildi. Şeýle-de birinji orny alan we altyn medal gazanan talyplara 100 müň manat, ikinji orun we kümüş medal alan talyplara 70 müň manat, üçünji orna mynasyp bolan we bürünç medal gazanan talyplara 40 müň manat pul baýragy gowşuryldy. Dünýä derejeli olimpiadalarda ýokary netijeleri gazanan okuwçylary we talyplary taýýarlan mugallymlar bolsa 100 müň manat möçberinde pul baýragy bilen sylaglandy. Bu waka Türkmenistanda ylym-bilim we sport ulgamlarynda ýetilýän ýokary sepgitleriň täze derejelere göterilýändigini görkezýän taryhy pursata öwrüldi.
Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde bu şanly waka mynasybetli toý sadakasy berildi. Onda bilim we sport ulgamynda halkara derejede gazanylýan üstünlikleriň mundan beýläk-de dowam etmegi, Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň agzybirligi, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegi baradaky ýagşy dilegler beýan edildi.







