Halkara Parahatçylyk
we Ynanyşmak Ýyly
Akbugdaý etrabynyň çäginde täze döwrebap ýangyç guýujy bekedi açylyp ulanylmaga berildi
16.12.2025

Nebit gaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň çägindäki halkalaýyn gara ýolunyň ugrunda Türkmennebit döwlet konserniniň Türkmennebitönümleri baş müdirliginiň Aşgabatdaky awtomobillere ýangyç guýujy beketleri müdirliginiň garamagyndaky täze döwrebap bekediň açylyş dabarasy boldy. Bu barada 14-nji dekabrda “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Täze açylyp ulanylmaga berlen ýangyç guýujy bekediň umumy tutýan meýdany 1 gektara deň bolup, jemi 12 sany ýokary hilli iň kämil tehnologiýaly ýangyç guýujy enjamlary oturdylan. Beket kuwwatlylygy boýunça her gije-gündiziň dowamynda awtoulaglaryň 3 müňüsine hyzmat etmäge niýetlenendir we ilata ýokary hilli awtomobil benzininiň A95, A92 we A80 görnüşlerini hem-de dizel ýangyjyny bökdençsiz guýmaga mümkinçiligi bar. Täze döwrebap awtomobillere ýangyç guýuş bekedinde sanly wideogözegçilik enjamlary hem-de merkezi elektron hasabatlaryň ulgamy hem işe girizildi.

Şeýle hem ýangyn howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmek üçin häzirkizaman ýörite ýangyn duýduryjylar, söndürijiler, gidrantlar, suw howuzlary we beýleki zerur enjamlar bilen doly enjamlaşdyrylan. Bu beketde işgärleriň zähmet çekmegi, we dynç almaklary üçin ähli zerur şertler bar.