Halkara Parahatçylyk
we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistan dün­ýä gur­lu­şy­nyň öň­den­gö­rü­ji­lik­li esas­la­ry ­dö­re­d­ýär
13.12.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen parahatçylyk we ynanyşmak forumynda çykyş etdi.

Döwlet Baştutany öz çykyşynda bu fo­ru­ma iri, hal­ka­ra äh­mi­ýet­li wa­ka hök­mün­de ga­ral­ýandygyny, oňa se­bit, yk­lym we äh­lu­mu­my iş­ler ba­ra­da oý­lan­mak, hal­ka­ra sy­ýa­sat­da pa­ra­hat­çy­lyk, hyz­mat­daş­lyk, deň­hu­kuk­ly­lyk, yna­nyş­mak, ada­lat­ly­lyk, dia­log me­de­ni­ýe­ti hem-de öza­ra dü­şü­niş­mek ýag­daý­la­ry­nyň yk­rar edil­me­gi üçin ba­dal­ga no­ka­dy hök­mün­de se­re­dil­ýändigini belledi.

Türk­me­nis­tan bi­ziň top­ra­gy­myz­da şu gün dün­ýä gur­lu­şy­nyň tä­ze, yn­san­per­wer we öň­den­gö­rü­ji­lik­li esas­la­ry­nyň, ösü­şiň ha­ky­ky we jo­gap­kär­li stra­te­gi­ýa­sy­nyň dö­re­dil­ýän­di­gi­ne ka­nu­ny esas­da gu­wa­nyp bi­ler diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň bü­tin dün­ýä­dä­ki hyz­mat­daş­la­ry­ bi­len gat­na­şyk­la­ry­nyň ga­za­ny­lan de­re­je­si­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­ýän­di­gi­ni we ony aýaw­ly sak­la­ýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu şan­ly gün­ler­de dost­lu­gy­ň, öza­ra dü­şü­niş­ilme­giniň, dö­re­di­ji­lik­li mak­sat­la­ra ýet­mä­ge hy­ju­wyň mun­dan beý­läk-de tas­syk­lan­ma­sy­ny tap­jak­dy­gy­na ynam bildirdi.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti