Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy dekabrda ýurdumyza sapar bilen gelen Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ýurdumyzyň halkara giňişlikde öňe sürýän parahatçylyk döredijilikli başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini belledi.
Gahryman Arkadagymyz Neda Bergeriň köp ýyllaryň dowamynda Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy hökmünde iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge goşýan goşandyny belläp, bu topar bilen hyzmatdaşlykda geçirilýän medeni çäreleriň, hususan-da, “Galkynyş” türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konsertleriniň, Wena ballarynyň we beýleki medeni çäreleriň möhüm ähmiýetini nygtady.
Neda Berger öz işine berýän ýokary bahasy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideriniň parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini belledi we Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň berýän yzygiderli goldawlarynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň binýady bolup durýandygyny nygtady.







