Halkara Parahatçylyk
we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti birnäçe ýurduň wekilleri bilen möhüm duşuşyklar geçirdi
11.12.2025

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa bilen duşuşygy boldy.

Myhman türkmen topragynda geçirilýän halkara maslahatda dünýä ähmiýetli meselelere garalandygyny nygtady. Halkara forumyň guramaçylyk derejesi Türkmenistanyň möhüm ugur boýunça oňyn tejribe toplandygyny görkezýär diýip, Mirziýoýewa belledi. Munuň özi Türkmenistanyň halkara giňişlikde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar.

Oguljahan Atabaýewa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa bilen hem duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen jemgyýetinde zenan ýolbaşçylar dürli ulgamlarda, şol sanda syýasatda, işewürlikde, jemgyýetçilik hereketinde möhüm orny eýeleýärler. Olar gender deňligini ilerletmäge ýardam bermek bilen, jemgyýetiň öňünde durýan wajyp meseleleri çözmäge hem işjeň gatnaşýarlar. Zenanlar barada alada, olaryň jemgyýetdäki ornuny pugtalandyrmak, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Selmira du Sakramentu bilen duşuşygy boldy. Bellenilişi ýaly, «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahat Türkmenistanda zenanlaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek, olaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek wezipesine örän jogapkärçilikli çemeleşilýändigine, bu ugurda döwlet derejesinde alada edilýändigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, Awazada geçirilýän bu halkara forumyň zenanlaryň hukuklaryny ilerletmek babatda meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança bolup durýandygy bellenildi.

Mundan başga-da, Oguljahan Atabaýewa Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Dilrabo Mansuri Saýdullo, Eswatini Patyşalygynyň içeri işler ministri Lindiwe Dlamini, Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň N.I.Pirogow adyndaky ylmy-barlag lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, Plastik, rekonstruktiw we estetiki hirurglar jemgyýetiniň prezidenti Natalýa Manturowa, Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali Al-Misned, Hytaý Halk Respublikasynyň Ählihytaý zenanlar federasiýasynyň wise-prezidenti we Sekretariatynyň birinji agzasy Huan Sýaoweý, Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň metbugat sekretary Fatemeh Mohajerani bilen hem duşuşdy.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti