Halkara Parahatçylyk
we Ynanyşmak Ýyly
Awazada häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny bilen bagly halkara maslahat geçirildi
11.12.2025

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 10-njy dekabrda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahat geçirildi.

Bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, halkara maslahata gatnaşyjylar kaşaň binanyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakanyň hormatyna guralan sergide Türkmenistanyň geçen 30 ýylyň içinde daşary syýasatda ýeten sepgitleri, bu ugurda gazanan üstünlikleri barada gürrüň berýän gymmatlyklar görkezildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň başlyklyk etmeginde geçirilen maslahata dünýäniň köp sanly ýurtlaryndan wekiliýetler gatnaşdy.

– Biz zenanlaryň jemgyýetiň durnuklylygyny kesgitleýän möhüm şertler bolan parahatçylyga, maşgala durmuşyna, bilime, saglygy goraýşa, ykdysadyýete hem-de ynsanperwer ugra goşýan ägirt uly goşantlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin jemlendik — diýip, Oguljahan Atabaýewa aýtdy hem-de şu günki maslahata gatnaşyjylary zenanyň parahatçylygyň, döredijiligiň we ruhy sütüniň çeşmesi diýlip ykrar edilmegine, häzirki zaman dünýäsinde bolsa onuň ornunyň adaty düşünjeleriň çäklerinden has giňligine bolan berk ynamyň birleşdirýändigini belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy birnäçe giň möçberli maksatnamalary durmuşa geçirýär. Şolaryň hatarynda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak, ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlykda çagalar üçin mekdepleri we hassahanalary döretmek, ýöriteleşdirilen merkezlerde çagalaryň saglygyny dikeltmek, degişli sebitlere halkara ynsanperwer goldawyny bermek boýunça maksatnamalar bar.

Gazna her bir çaganyň saglyga, alada, goraga we umyda bolan hukugyny üpjün etmek boýunça düşnükli we şol bir wagtyň özünde möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Şeýle hem Oguljahan Atabaýewa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ähmiýetini belläp, bu dialogyň parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge, ynsanperwer we durmuş gün tertibini ilerletmäge netijeli çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga goşant goşmak boýunça zenanlaryň syýasy, ynsanperwer we jemgyýetçilik tagallalaryny birleşdirmek üçin özboluşly meýdança bolandygyny nygtady.

Bu möhüm çärede Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa hem çykyş etdi.

Walowaýa gender deňliginiň üpjün edilmeginiň, Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagynyň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen bir hatarda, zenanlaryň hukuklaryny ilerletmekde, olaryň döwlet durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekde halkara guramalaryň möhüm ähmiýeti bellenildi. Şunda BMG-niň durmuşa geçirýän işlerine uly orun degişlidir. Şunuň bilen birlikde, ýaşlaryň we zenanlaryň bilime we saglygy goraýyş hyzmatlaryna elýeterliligini üpjün etmek babatda tejribe alyşmagyň möhümdigi bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Türkmenistanyň bu ugurda amala aşyrýan işlerine ýokary baha berdi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti