Halkara Parahatçylyk
we Ynanyşmak Ýyly
Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi ara alyp maslahatlaşdy
09.12.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji dekabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy.

Kaha Imnadze türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi tarapyndan alnyp barylýan işleri ilerletmekde döwletimiziň uly goşandyny belledi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň parahatçylygy goldamak, öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, daşky gurşawy goramak boýunça birnäçe başlangyçlary öňe sürýändigini aýtdy hem-de olaryň halkara bileleşik tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri sebitde durnukly ösüşi üpjün etmekde, hoşniýetli goňşuçylygy we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň möhüm ornuny belledi.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize sebit merkeziniň işine berýän yzygiderli goldawlary üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ýurdumyz bilen bilelikdäki işiň baý tejribesine, uly mümkinçiliklere esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.