Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 5-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2025-nji ýylyň 11-13-nji dekabryny iş güni däl diýip yglan etmek hakynda Permana gol çekdi.
Resminama Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ilatynyň Halkara Bitaraplyk güni baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen kabul edildi.
Döwlet Baştutanymyz şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň üpjün etmegini tabşyrdy.







