Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow Hökümet mejlisinde ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek boýunça şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 109 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 108,8 göterim boldy. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 109,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 101,4 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 101,6 göterim ýerine ýetirildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmegiň ösüş depgini 101 göterime barabar boldy. Şunuň bilen bir hatarda, polipropilen, çalgy ýaglaryny öndürmek, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermek boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň Maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleri ýerine ýetirmek üçin zerur çäreleri görmegiň, nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, toplumyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmagyň wajypdygyny belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.







