Halkara Parahatçylyk
we Ynanyşmak Ýyly
Daşary ýurt neşirleri Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýörite neşirler çap etdi
05.12.2025

Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli öňdebaryjy daşary ýurt neşirleri ýurduň daşary syýasat başlangyçlaryna we durmuş-ykdysady üstünliklerine bagyşlanan ýörite neşirler taýýarladylar.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «ECO Heritage» atly žurnalyň ýörite sany Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Onda şanly ýylda Türkmenistanyň syýasy we medeni durmuşynda bolup geçen möhüm wakalara, dünýäde üç gezek biragyzdan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetine, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, medeni gymmatlyklara bagyşlanan makalalar ýerleşdirilipdir.

Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde çap edilýän hem-de Aziýa sebitinde, sebitiň çäklerinden alyslarda ýaýradylýan «Business Сentral Asia» halkara žurnaly şu ýylyň noýabr aýyndaky sanyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerine bagyşlady. Bu neşir Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň dünýä bileleşiginiň uly gyzyklanmasyna eýe bolýandygyny äşgär edýän nobatdaky subutnama öwrüldi.

Gruziýada «Foreign Business in Georgia» žurnalynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýörite sany neşir edildi. Onda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçen möhüm wakalara hem-de türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ösüşine degişli makalalar ýerleşdirilipdir.