Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Birža söwdalarynyň lideri: “Türkmennebit” önümlerine uly isleg
19.11.2025

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalarda umumy 17 geleşik hasaba alyndy. Söwdalaryň esasy bölegini bolsa “Türkmennebit” döwlet konserniniň ýokary hil derejesi bilen öndürýän önümleri ösdürdi.

Daşary ýurt puluna geçirilen amallarda Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri ilkinji nobatda “Türkmennebit” tarapyndan öndürilen uçar kerosinini satyn alyp, bu önümiň halkara bazardaky uly islegini ýene bir gezek tassyk etdiler. Şeýle hem BAE-niň, Türkiýäniň, Serbiýanyň, Gyrgyzystanyň we Ukrainanyň işewürlerine dürli dokma önümleri — ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlary, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek matalar, şeýle-de buýan köki hem-de nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy 7 million 811 müň ABŞ dollaryndan hem geçdi.

Içerki bazar boýunça hem milli işewürler esasan “Türkmennebit” döwlet konserniniň öňdebaryjy önümçilik kuwwatyna eýe bolan kärhanalary tarapyndan öndürilýän polipropileni we türkmen aglomeratyny, şeýle-de binýatlyk ýagy, nah ýüplügi, nah matany we pagta süýümini satyn aldylar. Bu geleşikleriň jemi bahasy 67 million 237 müň manatdan gowrak boldy.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti