Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 18-nji noýabrda Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri Maksim Ryženkowyň bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Iň ýokary derejedäki duşuşyklaryň türkmen-belarus strategik hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.
Iki döwletiň köptaraplaýyn formatlarda, şol sanda BMG-niň, GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýeti hem bellenildi.
Ministrler şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň taýýarlyk meselelerine hem garadylar.







