Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň Prezidenti söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň düzümini tassyklady
19.11.2025

Türkmenistanyň Prezidenti 18-nji noýabrda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Resminama Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen tassyklandy.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti