Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagynyň — «Ýokary derejeli dostluk» (Oliý Darajali Dustlik) ordeniniň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
“Siziň durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalaryňyzyň netijesinde ösüşiň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine berk eýermek bilen, häzirki zamanyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky täsirli ornuny barha berkidýär. Halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna ygrarly bolan Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda sebit we dünýä döwletleri bilen gatnaşyklaryny günsaýyn giňeldýär.
Siziň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparyňyz, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagyňyz hem sebitde hoşniýetli goňşuçylygyň we strategik hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýan Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmäge, Merkezi Aziýa sebitinde işjeň ösdürilýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge itergi berer”, - diýip Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.
“Siziň tagallalaryňyz esasynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk iki doganlyk döwletiň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär hem-de Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy şerti bolup durýar. Häzirki döwürde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna, taraplaryň milli bähbitlerine doly laýyk gelýän hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça alyp barýan işleri iki doganlyk halkyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna, köpasyrlyk dostlugyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.
Döwletara gatnaşyklarda Türkmenistanyň ýakyn we ygtybarly hyzmatdaşy bolan Özbegistan Respublikasyna Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda amala aşyran döwlet saparyňyzyň çäklerinde Size bu ýurduň abraýly döwlet sylagynyň gowşurylmagy Siziň halkara giňişlikde, hususan-da, Özbegistan bilen hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryny we medeni-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmak babatda öňe süren umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyzyň we alyp barýan tutumly işleriňiziň ykrar edilýändigini görkezýär”, - diýip Gahryman Arkadagymyz belläp geçdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri döwlet baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli we döredijilikli daşary syýasatyňyzyň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.







