Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanda Niger Respublikasynyň ilçisi işe başlady
14.11.2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa 13-nji noýabrda Niger Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Seydou Zataou Alydan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlik arzuw etdi.

Ilçi hoşniýetli sözler hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, hormatly Prezidentimize we türkmen halkyna öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda diplomat milli parlamentiň düzümi, onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri, Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň dünýä döwletleri, şol sanda Afrika sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi aýdyldy.

Niger Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Seydou Zataou Aly netijeli duşuşyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady we iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti