Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Hytaýyň ýolbaşçylary Türkmenistan bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny nygtadylar
28.10.2025

Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçysy Si Szinpin, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hat ýazyp, Hytaýyň döredilmeginiň 76 ýyllygy mynasybetli gutlag haty üçin minnetdarlyk bildirdi.

“Şu ýylyň başyndan bäri Siziň bilen iki gezek duşuşyk geçirdik, olaryň barşynda hemmetaraplaýyn hytaý-türkmen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Munuň özi biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky köpugurly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi.

Men hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýärin hem-de Siziň bilen iki ýurduň halklarynyň bähbidine Hytaýyň we Türkmenistanyň has ýakyn “Bitewi ykbal bileleşigini” gurmak üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardyryn”, - diýip Si Szinpin belledi.

Hytaýyň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk we abadançylyk, dostlukly Türkmenistana ösüş hem-de rowaçlyk, türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk arzuw etdi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň premýeri Li Sýan hem Türkmenistanyň Prezidentine hat iberdi. Ol Hytaý hökümetiniň hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini we dürli ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy yzygiderli çuňlaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti