«Baker Hughes» kompaniýasy «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT-2026» 31-nji halkara maslahatynyň çäklerinde nebitgaz känlerini netijeli özleşdirmek we gaz infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça halkara tejribesini hödürlär. Bu barada çärämiň guramaçylary habar berdiler.
Kompaniýanyň tehnologiýa çözgütleri gözleg-barlag işlerinden başlap, gorlary bahalandyrmak, guýulary taslamalaşdyrmak, önümçilik we ulanyş tapgyrlaryna çenli bolan işleri öz içine alýar.
Mundan başga-da, «Baker Hughes» gaz çykarmak, daşamak, saklamak we paýlamak ulgamlary üçin turbokompressor hem-de aýlanýan enjamlar ýaly döwrebap çözgütleri hödürleýär. Şeýle tehnologiýalar önümçilik kuwwatlyklarynyň ygtybarly işlemegine we energetika desgalarynyň ykdysady netijeliliginiň ýokarlanmagyna ýardam berýär.
«Baker Hughes» dünýäniň iri energetika tehnologiýa üpjün edijileriniň biri hökmünde nebitgaz känlerini özleşdirmek, suwuklandyrylan tebigy gaz, gaz kompressiýasy, energetika enjamlary we senagat çözgütleri boýunça giň halkara tejribä eýedir. Kompaniýanyň tehnologiýalary dünýäniň energetika zynjyrynyň dürli tapgyrlarynda ulanylýar.







