GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Türkmennebit» döwlet konserni Hazar deňzindäki maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrdy
05.10.2026

Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň (TIF 2026) energetika durnuklylygyna hem-de himiýa we nebitgaz senagatyny ösdürmäge bagyşlanan ilkinji sessiýasynda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça uly maýa goýum mümkinçilikleri tanyşdyryldy. Bu barada «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Batyr Jumaýew öz çykyşynda giňişleýin durup geçdi. Bu barada «Orient» maglumat portaly habar berdi.

Milli nebitgaz pudagyny ösdürmek konsepsiýasyna baglylykda, ýurdumyzyň deňiz şelfi daşary ýurt maýadarlary üçin elýeterli bolan 30-dan gowrak ygtyýarnama bölegine bölündi. Ýurtda maýadarlar üçin kepillendirilen ýeňillikli fiskal düzgüni hem-de hukuk goragyny «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny üpjün edýär.

Häzirki wagtda daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin aýdyň we ýönekeýleşdirilen salgyt ulgamy hödürlenýär. Maýadarlar diňe girdeji salgydyny we ýerasty baýlyklardan peýdalanmak hukugy üçin degişli tölegleri töleýärler. Olar beýleki ýygymlardan, gümrük paçlaryndan, şeýle hem enjamlary import etmek boýunça şertnamalary biržada bellige almak borçnamasyndan doly boşadylýar.

Mundan başga-da, kanunçylyga görä maýadarlaryň çykarylan uglewodorodlaryň öz paýyna erkin ygtyýar etmäge we goşmaça ygtyýarnama almazdan ony ýurdumyzyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynda gaýtadan işlemäge hukugy bar. «Türkmennebit» DK-na resmi arza berilmegi bilen göni we aýratyn hukuk bermeýän gepleşikler geçirilip, olaryň netijesinde Önümleri paýlaşmak hakynda ylalaşyklara (ÖPY), konsessiýa, töwekgelçilikli hyzmat ýa-da bilelikdäki iş alyp barmak baradaky şertnamalara gol çekilip bilner.

Häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen şelfinde Dragon Oil, PETRONAS we ADNOC ýaly iri halkara kompaniýalar ÖPY-niň çäklerinde üstünlikli iş alyp barýarlar. Bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň oňyn mysaly hökmünde 2026-njy ýylyň iýun aýynda «Türkmennebit» DK, Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd. hem-de «Hazarnebit» DÝK-nyň arasynda «Blok-19» we «Blok-20» şertnamalaýyn çäkleri boýunça gol çekilen täze ylalaşygy görkezmek bolar.

11-nji, 12-nji, 13-nji we 14-nji bloklarda 2D seýsmiki gözleg işleriniň başlanmagy hem-de täze ylalaşyklaryň baglaşylmagy deňiz geologiýa-gözleg mümkinçiliklerini täze basgançaga çykardy. Bu özgerişlikler Türkmenistanyň amala aşyrýan «açyk gapylar» syýasatynyň ýokary netijeliligini ýene bir gezek subut edýär.