3-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri girizildi. Şeýle hem mejlisde Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýewe söz berildi. Ol, ilki bilen, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli şahsy düzüminiň adyndan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesi mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny hem-de işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglandygy üçin Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýew şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek, şeýle hem Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak maksady bilen zerur çäreler görüldi. Şunuň bilen birlikde, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak boýunça geçirilýän işler, şeýle-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişiň netijeleri barada aýdyldy.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine häzirki wagtda dowam edýän, raýatlary harby gulluga çagyrmak we harby gullukdan boşatmak işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary öz gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, şeýle hem degişli edaralaryň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, döwletiň milli howpsuzlygyny we milli bähbitlerini goramak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini aýtdy.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi







