Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 2026-njy ýylyň 40-njy hepdesinde jemi 10 geleşik baglaşylyp, olaryň umumy bahasy 641 million 167 müň 200 manada hem-de 9 million 509 müň 500 ABŞ dollaryna deň boldy.
Hepdäniň dowamynda daşarky bazarda Türkiýe Respublikasynyň, Gyrgyzystanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewürleri türkmen pagta süýümini hem-de kreton nah matasyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Eksport geleşikleriniň umumy möçberi 9 million 509 müň 500 ABŞ dollaryna deň boldy.
Içerki bazarda bolsa ýerli telekeçiler Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden nah ýüplügini, şeýle hem «Türkmennebit» döwlet konserninden az kükürtli ýakyş mazudyny satyn aldylar. Içerki bazardaky geleşikleriň umumy bahasy 641 million 167 müň 200 manada deň boldy.
Ýatladýarys, 2026-njy ýylyň ýanwar—sentýabr aýlarynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 222 birža söwdasy geçirilip, olaryň dowamynda 23 müň 460 şertnama hasaba alyndy. Şol döwürde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 113,2 göterime ýetdi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi.







