Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 24-nji oktýabrda Italiýa Respublikasyna resmi sapar bilen ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Rime saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz “Altare della Patria” ýadygärlik binasynda näbelli esgeriň guburyna gül goýdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarella bilen duşuşdy.
Prezident Serjio Mattarella belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyga Italiýada ýokary baha berilýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Italiýa resmi sapar bilen gelmäge çakylyk hem-de myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Italiýa Respublikasynyň Prezidenti bilen şu duşuşygynyň türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
— Biz Italiýa Respublikasynyň Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyna ýokary baha berýäris. Biz hem, öz gezegimizde, Italiýa bilen hyzmatdaşlygymyzy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatlarda giňeltmäge gyzyklanma bildirýäris — diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň aprel aýynda geçirilen birinji «Merkezi Aziýa — Italiýa» sammitiniň ähmiýetini belledi.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýändigini we bu waka mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda halkara forumyň geçiriljekdigini aýdyp, Prezident Serjio Mattarellany foruma gatnaşmaga çagyrdy.
Dostlukly ýurduň Prezidenti çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň sebitde durnuklylygy we parahatçylygy pugtalandyrmakda eýeleýän möhüm ornuna Italiýada ýokary baha berilýändigini belledi.







