GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Türkmengaz» döwlet konserniniň çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alşyny guramaklyga goşýan goşandy
01.07.2026

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Häzirki wagtda türkmen tebigatynyň iň gözel ýerleriniň biri bolan Gökdere jülgesi hem orta mekdep okuwçylarynyň ygtyýarynda. Çagalaryň we ýetginjekleriň müňlerçesiniň şatlykly sesi, aýdym-sazyň owazy bütin jülgäni bezeýär. «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar» müdirliginiň «Çeşme», «Nebitçi», «Nesil», «Şöhle» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde diňe iýun aýynda dynç alan çagalar iki müňden hem köpdür.

Çagalaryň ýokary derejede dynç almagy üçin ähli şertler döredilen döwrebap merkezler indi ençeme ýyl bäri olara hyzmat edýär. Merkezleriň naharhanalary, ýatakhanalary, medeniýet köşkleri, işgärlere niýetlenen binalary, sport meýdançalary, amfiteatrlary, suw howuzlary, lukmançylyk otaglary döwrebap enjamlar, mebeller bilen üpjün edilen. Merkezlerde hojalyk ulgamyna degişli kömekçi desgalarda-da işleri talabalaýyk alyp barmaga mümkinçilik bar. Munuň özi çagalaryň ýokary derejede dynç almagyna oňaýly täsirini ýetirýär.

Çagalaryň dogry we kadaly iýmitlenmeginiň, ukusyny wagtynda almagynyň olaryň ösüşine, dynç almagyna, keýpiçaglygyna täsiri uludyr. Şu nukdaýnazardan naharhanalar we ýatylýan binalar barada durup geçsek ýerlikli bolar. Naharhanalar merkezleriň çagalary kabul edýän sanyna laýyklykda dört ýüz elli, bäş ýüz we müň orunlyk. Olar häzirki zaman aşhana enjamlary bilen üpjün edilendir. Aşpezler saýlanyp-seçilip işe alnan hünärmenler. Olaryň dürli naharlary, işdäaçarlary, miwe şiresini we beýleki tagamlary taýýarlamakda tejribesi ýetik. Çagalar günüň dowamynda alty gezek naharlanýarlar. Dynç alýanlar tebigy azyk önümleri bilen iýmitlendirilýär. Et, süýt, gök, miwe önümleri çagalaryň iýmit kadasyna laýyklykda taýýarlanylýar we oňa berk gözegçilik edilýär, şol sanda iýmitiň taýýarlanyşyna we ulanylyşyna, arassaçylygyna lukmanlaryň gözegçiligi gündelik berjaý edilýär.

Merkezlerde ýatylýan binalaryň ählisi ýumşak mebeller, awtomatlaşdyrylan salkynladyş we ýyladyş ulgamlary bilen üpjün edilen. Çagalaryň ýaşaýan otaglarynda ýumşak, döwrebap mebeller göz öňünde tutulypdyr. Zallarda sowadyjylar, telewizorlar ýerleşdirilen. Dynç alýanlar diňe zawodyň arassa agyz suwuny ulanýarlar. Ähli binalarda we desgalarda amatly şertleriň döredilenligi kanagatlanma duýgusyny döredýär. Merkezleriň gerek bolan zerurlyklaryna «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar» müdirligi bökdençsiz, hemmetaraplaýyn ýardam berýär.

Howanyň ýetjek derejesine ýetip gyzan wagty, ýagny 14:00-dan 16:30-a çenli çagalaryň günortanky uky wagtydyr. Arassa we salkyn otaglarda dynç alýanlaryň ukusyna päsgel berip biljek hiç bir ownuk-uşak sebäp hem ýok. Olar bu ümsümlik wagtda ukusyny çuň alýarlar.

Indi çagalaryň günüň dowamynda wagtyny geçirişi barada aýtsak, olar irden ýaş aýratynlygyna görä toparlara bölünip, ertirki maşklary geçýärler. Irdenki maşklar, arassa, salkyn dag howasy çagalaryň süňňüni ýeňledip, keýpini çaglaýar. Irdenki maşklardan soňra ertirlik nahar oňat, işdämen kabul edilýär. Uly toparlar 9:00-dan 10:00-a çenli daşardaky sport meýdançalarda futbol, basketbol, woleýbol, gandbol boýunça toparara bäsleşýärler. Bu duşuşyklar olaryň wagtynyň gyzykly geçmegine, sport taýýarlygynyň pugtalanmagyna, merkezara ýaryşlarynda şowly çykyş etmegine getirýär.

Kiçi ýaşly çagalaryň toparlary irden hereketli oýunlar bilen ýa-da medeniýet köşklerindäki gurnaklarda, sport zallarynda meşgullanýarlar. Öýlän yssynyň bady ýagşy gaýdyşansoň, çagalar bilen dürli gyzykly oýunlar guralýar, olar bu ýerde kinofilmlere tomaşa edýärler, kitaphanalarda çeper eserleri okaýarlar. Terbiýeçileriň we mugallymlaryň gözegçiliginde aýdym, saz, tans, kompýuter, el işleri we beýleki gurnaklarda ukyp başarnygyny artdyrýarlar.

Agşamlyk naharyndan soňra medeni-sungat, döredijilik çäreleri bat alýar. Şeýle çäreler örän gyzykly geçirilýär. Aýdymlary, sahna oýunlaryny, wäşileriň çykyşyny zehinli ýaşlaryň özleri ýerine ýetirýär. Elbetde, türkmen paýtagtyndan sungat ussatlarynyň merkezlerde myhmançylykda bolýandygyny we çagalaryň gowy dynç almagy üçin tagallasyny gaýgyrmaýandygyny hem bellemelidiris.

Medeni we sport çärelerini geçirmekde jemgyýetçilik guramalarynyň, esasan hem, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi, Büzmeýin etrap häkimligi yzygiderli goldaw berýär. Ýaryşlarda we döredijilik bäsleşiklerinde üstün çykan çagalar hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlary bilen höweslendirilýär.

 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti