GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Körpeje» gaz çykaryş müdirligi önümçilik meýilnamasyny birnäçe esse artygy bilen ýerine ýetirýär
30.06.2026

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Körpeje» gaz çykaryş müdirligi soňky ýyllarda tehniki-ykdysady üpjünçilik babatda yzygiderli täzelenişi başdan geçirýär. Bu müdirlik konserniň düzümindäki nebiti, gazy we ugurdaş gazy, gaz kondensatyny çykarmak, gözleg-barlag we ulanyş guýularyny burawlamak, uglewodorod çig mallaryny turbageçirijiler arkaly akdyrmak, ýataklary, gaz gysyjy beketleri we sazlaýjy desgalary gurmak, abadanlaşdyrmak, guýularyň düýpli we ýerasty abatlaýyş işlerini amala aşyrmak, önümçilik hem-de medenidurmuş maksatly desgalardyr ymaratlary gurmak bilen meşgullanýan köp sanly kärhanalarynyň arasynda hemişe öň hatarda bolmagy başarýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramçylygynyň dabaraly bellenilip geçiljek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen döwründe müdirligiň hünärmenleri tarapyndan hereket edýän guýulardan alnan «mawy ýangyjyň» möçberi 1 milliard 416 million 243 müň kub metre golaýlap, bu baradaky meýilnama 2,6 esse ýerine ýetirildi. Munuň özi göz öňünde tutulandan 1 milliard 357 million 112 müň kub metr köpdür. Kärhanada geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 102,3 göterim ösüş gazanyldy. Körpeje, Çekişler, Akpatlawuk ýataklarynda hereket edýän guýulardan «mawy ýangyjy» çykarmak, taýýarlamak we ony sarp edijilere ugratmak bilen meşgullanýan bu müdirlik indi 28 ýyl bäri «Türkmennebit» döwlet konserniniň düzüminde hereket edip gelýär.

Esenguly etrabynyň çäginde ýerleşýän hazynalar ýataklarynda iş alyp barýan müdirligiň gaz çykaryş, gaz taýýarlaýyş we daşaýyş, gazy gysyjy we taýýarlaýyş, elektrik enjamlary, elektrik üpjünçiligi we abatlaýyş, barlag-ölçeg abzallary we awtomatlaşdyryş, gaz ölçeýji beket, suw saýlaýjy desga ýaly bölümlerinde döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary, kämil tilsimatly desgalar, takyk kompýuter ulgamlary giňden peýdalanylýar. Munuň özi müdirlige sebitleýin senagat düzümleriniň, ilatyň tebigy gaza bolan islegini ygtybarly kanagatlandyrmaga giň mümkinçilik berýär. Kärhananyň özleşdirýän uglewodorod çig malyna baý ojaklarynda önümli guýulara hyzmat etmekde ýüze çykmagy mümkin bolan kynçylyklary aradan aýyrmak maksady bilen, Çekişler meýdançasynda döredilen bölümde hem netijeli işler amala aşyrylýar. Bu ýerde hereket edýän pes temperaturaly saýlaýjy desgada her gije-gündiziň dowamynda bäş million kub metre barabar gaz taýýarlanylýar. «Keýmir» gazlift kompressor stansiýasynda bolsa nebitden saýlanylyp, alawda ýakylýan ugurdaş gaz ýygnalyp, her gije-gündizde ýokary basyşda çykarylýan üç million kub metre barabar gaz gazgöteriş usulynda önüm berýän nebitli guýulara gönükdirilýär.

— Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramçylygyna mynasyp zähmet sowgatly barýan müdirligimiz boýunça Akpatlawuk, Keýmir, Çekişler meýdançalaryndan gazy ýygnamak, taýýarlamak, sarp edijilere ugratmak boýunça barlag-ölçeg abzallary, awtomatika we elektroenergetika ulgamy netijeli işledilýär. Önümçilik bölümlerimizde işleriň talabalaýyk ýola goýulmagyna dürli kärde zähmet çekýän hünärmenlerimiziň mynasyp goşantlary bar. Olardan müdirligimiziň gaz taýýarlaýyş we daşaýyş sehiniň gaz taýýarlaýjy operatory Annamämmet Arazow, gaz çykaryş sehiniň nebiti we gazy gazyp çykarmak boýunça operatory Arazgeldi Garlyýew, gaz gysyjy we taýýarlaýjy sehiniň kompressor desgalarynyň maşinistleri Abdylgapur Annageldiýew, Ýagşymämmet Hajyýew, gaz gysyjy we akdyryş sehiniň maşinisti Hydyrmämmet Aýtyýew, gaz taýýarlaýyş we akdyryş sehiniň gazy taýýarlaýyş boýunça operatory Göwher Gafurowa, gaz çykaryş we taýýarlaýyş sehiniň nebiti we gazy gazyp çykarmak boýunça operatory Annamämmet Hajyýew dagy bu gün halypalyga ýetişen hünärmenler hökmünde tanalýar. Hereket edýän guýulardan alynýan «mawy ýangyç» arassalanylyp, doly taýýarlanylandan soňra, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gamyşlyjanebit», «Keýmir» nebitgaz çykaryş müdirliklerine, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Balkanabatdaky «Günbatargazakdyryş» kärhanasyna akdyrylýar — diýip, müdirligiň başlygy Baýramgylyç Gurbanow buýsanç bilen aýdýar.

 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti