Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramyna barýan Türkmenistan häzirki döwürde ykdysady ösüşiň ähli ugurlarynda ýokary netijeleri gazanýar. Ýurdumyzda strategik ähmiýetli pudaklaryň biri bolan nebitgaz senagaty hem yzygiderli ösdürilip, milli ykdysadyýetiň kuwwatynyň artmagyna möhüm goşant goşýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan dünýäniň iri energetika döwletleriniň hataryndaky ornuny pugtalandyrdy we häzirki wagtda energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik mümkinçiliklerini giňeltmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Pudagyň önümçilik desgalaryny häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün etmek, täze kuwwatlyklary döretmek we bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak ugrunda möhüm ädimler ädilýär. Dünýäniň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» käniniň täze tapgyrlaryny senagat taýdan özleşdirmek boýunça işler dowam etdirilýär. Şeýle hem Hazar deňziniň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek Türkmenistanyň nebitgaz strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup galýar.
Ýurdumyzda uglewodorod serişdelerini gaýtadan işleýän önümçilikleriň mümkinçilikleri hem giňeldilýär. Täze önümçilik kuwwatlyklarynyň işe girizilmegi netijesinde ýokary hilli suwuk nebit önümleriniň öndürilişi artýar we olar dünýä bazarlaryna, şol sanda Aziýa hem-de Ýewropa ýurtlaryna eksport edilýär.
Türkmenistan gazhimiýa pudagynda hem uly üstünlikleri gazanyp, halkara bazarlarynda uly isleg bildirilýän mineral dökünleri, polimerleri we beýleki himiýa önümlerini öndürýän döwrebap önümçilik toplumlaryny döretdi. Bu ugurdaky ösüşler ýurdumyzyň senagat kuwwatyny ýokarlandyrmaga we ykdysadyýetiň diwersifikasiýa edilmegine ýardam berýär.
Garaşsyzlyk türkmen halkyna öz tebigy baýlyklaryna erkli eýe bolmak, olary halkyň we döwletiň bähbidine netijeli peýdalanmak mümkinçiliklerini berdi. Häzirki döwürde amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler geljekki nesiller üçin durnukly ösüşiň berk binýadyny döredýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda gazanylýan üstünlikler, täze önümçilikleriň açylmagy we ykdysady ösüşiň ýokary depginleri her bir türkmenistanlyda buýsanç duýgusyny döredýär. Bu üstünlikler halkymyzy täze zähmet ýeňişlerine we beýik işlere ruhlandyrýar.
Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy maksady «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgelerden ugur alyp, halkyň abadançylygyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan halkara giňişliginde parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty bilen öz ornuny pugtalandyrdy. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanmak bilen, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysady ösüşiň daşky gurşawy goramak bilen sazlaşykly alnyp barylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek we biodürlüligi goramak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Hazar sebitinde söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça öňe sürülýän başlangyçlar hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işler Hazar deňzini parahatçylygyň, ynanyşmagyň we ekologiýa abadançylygynyň möhüm merkezleriniň birine öwürmäge gönükdirilendir.
Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramyna barýan döwrümizde ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri, ýetýän belent sepgitleri we amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler Türkmenistanyň ýagty geljeginiň berk kepilidir.







