Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan dörän çuň manyly jümlelerinden gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmekde «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary täze, döwrebap tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary derejeli, giň gözýetimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde ýadawsyz iş alyp barýarlar. Talyplara dersler boýunça sapaklary we olara nazaryýet sapaklarynda berilýän bilimleri sanly ulgamyň üsti bilen kämilleşdirip öwretmek üçin enjamlaşdyrylan kompýuter okuw otaglary, mugallymlaryň taýýarlan sapaklarynyň wideoýazgylary yzygiderli ulanylýar. Elbetde, bu işleriň ählisi mugallymlara talyplara talabalaýyk bilim bermekde uly ýardam edýär.
Ýurdumyzda her ýyl ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy işleriň bäsleşiginde Güýçmämmet Baýramow — 2021-nji ýylda, Rüstem Hojageldiýew — 2022-nji ýylda, Gülüstan Guljagazowa — 2023-nji ýylda, Mekan Annaorazow — 2024-nji ýylda we Suhanberdi Täçberdiýew bolsa 2025-nji ýylda ýeňiji bolup, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowwyň gymmat bahaly sowgadyna mynasyp boldular hem-de olary taýýarlan mugallymlaryň, nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň abraýyny arşa göterdiler.
Häzirki wagtda diňe bir talyplara däl, eýsem, mugallymlara hem ene dilimizde taýýarlanan, düşnükli hem-de sada dilde ýazylan kitaplar hünär öwretmek işinde uly ýardam edýär. Mugallym sapaga taýýarlyk görmek bilen, dürli kitaplarda berilýän maglumatlary ýönekeý görnüşde talyplara ýetirmeklige çalyşýar. Şeýle kitaplaryň hatarynda nebitgaz senagatynyň, geologiýa gözleg edaralarynyň esasy hünärmenleriniň gatnaşmagynda taýýarlanan «Nebitgaz çykarýan senagatda howpsuzlyk kadalary» atly kitaby görkezmek bolar.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti







