GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Antaliýada Türkmenistan Merkezi Aziýa üçin howa tehnologiýalarynyň sebit merkeziniň konsepsiýasyny hödürledi
14.11.2026

13-nji noýabrda Antaliýa şäherinde (Türkiýe Respublikasy) BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde Türkmenistanyň pawilýonynda “Innowasiýalardan amaly hereketlere: Merkezi Aziýa üçin howa tehnologiýalarynyň sebit merkeziniň döredilmegi” atly tematiki sessiýa geçirildi. Sessiýada Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen Merkezi döretmegiň konsepsiýasy hödürlenildi.

Çäräni türkmen tarapy BMG-niň ulgamynyň edaralary bilen bilelikde Merkezi Aziýa döwletleriniň, halkara guramalaryň we ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda gurady.

Türkmenistanyň başlangyjy sebitiň döwletleriniň goldawyna eýe bolup, birnäçe ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn resminamalarda öz beýanyny tapdy. Sessiýada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň COP31 Liderler sammitiniň barşynda eden, Merkeziň 2027-nji ýylyň başynda öz işine başlajakdygy baradaky bildirişine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara guramalary departamentiniň başlygy Aşgabatda ýerleşjek Merkeziň esasy iş ugurlary bilen tanyşdyrdy. Onuň işiniň döwrebap howa tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmäge we sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin halkara maliýeleşdirmesini çekmäge gönükdiriljekdigi bellenildi.

Panel çekişmeleriniň barşynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) hem-de beýleki halkara düzümleriň wekilleri Merkeziň işiniň ileri tutulýan ugurlary, onuň institusional taýdan ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşdylar. Suw serişdelerini rejeli peýdalanmaga, howa şertlerine durnukly tehnologiýalary ornaşdyrmaga, sebit mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga we bilelikdäki taslamalary taýýarlamaga aýratyn üns berildi.

Sessiýanyň jemleri boýunça Merkeziň 2027-nji ýylda işine başlamagyny üpjün etmek maksady bilen, sebitara geňeşmeleri we halkara hyzmatdaşlar bilen iş ýüzündäki hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigi nygtaldy.