GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda kabul edilen jemleýji resminamalar BMG-niň Baş Assambleýasynyň resmi resminamalary boldy
10.11.2026

7–8-nji oktýabrda Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara çäreleriň jemleri boýunça kabul edilen resminamalar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň resmi resminamalary hökmünde çap edildi.

Olara aşakdaky resminamalar girýär:

— Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji Konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamasy (A/81/460);

— «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogynyň Jemleýji resminamasy (A/81/461);

— «Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribe» atly halkara maslahatyň Jemleýji resminamasy (A/81/459).

Agzalan resminamalar Birleşen Milletler Guramasynyň alty sany resmi dilinde çap edildi.