9-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Häkimler welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitlerde ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça işler dowam edýär. Ýygnalan hasyl pagta kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul edilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, gögeriş we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatlarda güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki azyklyk ekinleri ekilen meýdanlarda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkimler ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabatlary diňläp, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ýygymyň depginini güýçlendirmek, bugdaý ekişini öz wagtynda tamamlamak, gögeriş alnan ýerlerde ideg etmek işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işlerini hem gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlarda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, gögeriş, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Welaýatlarda güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja, beýleki azyklyk ekinleriň hasylyny ýygnap almak hem-de bu önümler bilen bazarlary üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ýygymyna başlamaga taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we wise-premýere ýurdumyz boýunça oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň wajyp ähmiýetini belläp, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini öz wagtynda tamamlamak, gögeriş alnan ýerlerde ideg etmek işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak işlerini berk gözegçilikde saklamagy, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini talabalaýyk alyp barmagy, haşal otlara garşy göreş çärelerini wagtynda geçirmegi, gögeriş we birinji ösüş suwlaryny wagtynda tutup, kadaly gögeriş almak üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz içerki bazarlarymyzy üpjün etmek üçin welaýatlarda ýetişdirilen gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümlerini talabalaýyk ýygnap almagyň, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň ýygymyna başlamaga gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz welaýatlarda bugdaý, pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklary wagtynda geçirmegi, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi







