Türkmenistanyň biržasynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň polipropilenini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy
06.11.2026
5-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynyň barşynda içerki bazarda ýerli telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewür toparlarynyň wekilleri türkmen işewürlerinden nah ýüplügini satyn aldylar.
Jemi 2 000 000 manada we 1 068 120 ABŞ dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.
Şeýlede okaň
06.11.2026
06.11.2026







