GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Energetikada halkara tejribesi we hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri: Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda duşuşyk
05.11.2026

3-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy Mergen Gurdow «Hemmeler üçin durnukly energiýa» (SEforALL) halkara guramasynyň ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Stefano Marguççonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy.

Duşuşygyň netijesinde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, energetika ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri öwrenmegiň we Türkmenistanyň ykdysady mümkinçiliklerini dünýä jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrmagyň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň köpugurly işi, şol sanda ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini halkara derejede tanyşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle hem halkara sergileri we işewürlik forumlaryny guramak boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy. Edaranyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny dünýä jemgyýetçiligine ýetirmekde we halkara hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açmakda eýeleýän orny aýratyn bellenildi.

Duşuşyk Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, energetika ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak we ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini dünýä derejesinde ilerletmek boýunça alyp barýan işlerini görkezýär.