Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde talyplar bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş edip, kanunlary we hukuk tertibini berjaý etmek, döwlet syýasaty hem-de ýaramaz endikleriň öňüni almak barada gürrüň berdiler. Bu barada uniwersitetiň metbugat materialynda habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, çärä Türkmenistanyň Mejlisinden, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginden, Türkmenistanyň Baş prokuraturasyndan, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinden, Türkmenistanyň Bilim ministrliginden, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden, Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezinden, Magtymguly adyndaky Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşinden wekiller gatnaşdy.
Gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ylymly-bilimli ýaş nesli kemala getirmek, ony ata-babalarymyzyň däp-dessurlary esasynda milli ruhda terbiýelemek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny bellediler.
Çykyşlarda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, kanunlaryny we hukuk tertibini berjaý etmek, hukuk bozulmalaryň öňüni almak, ýol hereketiniň düzgünleri, ýaramaz endikleriň netijeleri, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu babatda alnyp barylýan işleriň döwletiň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi.
Şeýle hem talyplar bilen geçirilýän okuw-terbiýeçilik işleriniň ähmiýeti, ýaşlarda watansöýüjiligi we ahlaklylygy terbiýelemekde ata-babalarymyzyň däp-dessurlarynyň we medeni mirasynyň orny barada aýdyldy. Milli ahlak ýörelgeleri hem-de gelin-gyzlarymyza mahsus asyllylygyň, utanç-haýanyň we päkizeligiň ýaşlar üçin görelde bolup durýandygy barada gürrüň edildi. Mundan başga-da, internetden maksatlaýyn peýdalanmak, jemgyýetçilik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň düzgünleri, hukuk bozulmalaryň öňüni almak we ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek barada söhbet edildi.
Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler.







