Russiýanyň «TehKon» tehnologiýa kompaniýasy Aşgabatda CIET 2026 sergisinde bar bolan binalaryň ýaşaýyş-jemagat hojalygyny sanlylaşdyrmak baradaky pikiri hödürledi. Sergi 3-5-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýär. Bu barada kompaniýanyň esaslandyryjysy we tehniki direktory Dmitriý Postnow neşirimiziň habarçysyna gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, täze gurluşykda BIM-tehnologiýalar we sanly ekizler giňden ulanylýar, emma eýýäm gurlan binalar boýunça taslama resminamalary köplenç ýok. Netijede, şeýle binalaryň nähili ulanylýandygy we howpsuz ulanylyş möhletiniň näçedigi näbelli.
Dmitriý Postnowyň düşündirişi ýaly, barlag wagtynda binada mikroseýsmik datçikler gurnalýar we onuň göterijilik ukybynyň nähili üpjün edilendigi kesgitlenýär. Onuň sözlerine görä, duran tolkunlaryň mikroseýsmik usuly giň ulanylyş mümkinçiligini berýär we belli bir bina bilen näme etmelidigi barada aýdyň düşünje berýär. Awtomatik skanirlemegiň netijesinde binanyň maglumat modeli emele gelýär: onda haýsy gurluşlaryň bardygy we olaryň gatylygynyň nähilidigi görkezilýär.
Kompaniýanyň bukletine görä, tehnologiýa obýektde maglumat ýygnamakdan başlap, tutuş gozgalmaýan emläk gaznasynyň sanly modeline çenli ýoly öz içine alýar we bäş ädimden ybarat. Emeli aň tehniki pasportlaryň we arhiw resminamalarynyň skanlaryny tanaýar; inžener «3D-Skan» enjam-programma toplumynyň kömegi bilen kemçilikleri surata we wideo düşürýär, bellikleri ses arkaly ýazdyrýar we maglumatlary göni sanly modele ugradýar; DR-24 wibroskopy binany açman, düýbüň, göteriji gurluşlaryň we daýançlaryň ýaşyryn kemçiliklerini ýüze çykarýar; soňra emeli aň kemçilikleri toparlara bölýär, könelişini hasaplaýar, abatlamagyň görnüşini we möhletlerini kesgitleýär. Kompýuter görüşi suratlardan ýaryklary, bezegiň zeperlerini we çyglanma yzlaryny tapýar.
Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, maglumat ýygnamak we gaýtadan işlemek 7 esse çalt amala aşyrylýar, barlag bolsa adaty çemeleşmelere garanyňda 2-3 esse arzan düşýär.
Kompaniýa 36 000-den gowrak binany barlady, olaryň 15 000-den gowragy 2025-nji ýylda barlandy. Russiýanyň Gurluşyk ministrliginiň ýanyndaky Zähmet öndürijiligi boýunça pudak merkezi «TehKon»-y iň gowy tejribeleriň sanawyna goşdy. «Biz binalaryň özüni nähili alyp barýandygyny, nähili işleýändigini, olaryň gowşak ýerleriniň nämedigini bilýäris», — diýip, söhbetdeşimiz belledi. Daşary ýurtlarda kompaniýa Belarusda işledi; BAE-de bu datçikleriň kömegi bilen köprüler we bentler barlandy.







