Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti «Altyn asyr» Türkmenistan teleýaýlymy bilen bilelikde «Türkmenistan dostlugyň mekany» atly telegepleşik görnüşinde tegelek stol gurady. Telegepleşik Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 29-30-njy oktýabrda Turkiýe Respublikasyna amala aşyran iş saparyna bagyşlandy.
Mugallymlar okgunly ösýän türkmen-türk gatnaşyklary hem-de abraýly halkara guramalaryň çäklerinde Türkmenistanyň gazanýan ösüşleri barada pikir alyşdylar.
Söhbetdeşlige gatnaşanlar saparyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ankarada Türki Döwletler Guramasynyň (TDG) XIII sammitine gatnaşandygyny ýatladylar. Olaryň aýtmagyna görä, Türki Döwletler Guramasy gatnaşyjy ýurtlaryň durnukly ösüşi üpjün etmek hem-de sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça tagallalaryny birleşdirmegiň mehanizmi bolup hyzmat edýär, şeýle hem energetika, ulag, logistika, daşky gurşawy goramak we medeni-ynsanperwer ugurda hereketleri utgaşdyrmak üçin binýady kemala getirýär.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimize Ankaradaky Hajettepe uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktor derejesi berildi, Turkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEİK) bolsa döwlet Baştutanymyza «Strategik dostluk nyşanyny» gowşurdy. Bu bolsa taryhy saparyň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Gepleşigiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, halkyň we ýurduň bähbidine bolan tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.







