Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň gatnaşyjylaryna Gutlag iberdi. Maslahat Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň esaslandyrylmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýär.
Gutlagda bellenilişi ýaly, 1996-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda döwletde we jemgyýetde demokratik institutlary pugtalandyrmak, adamyň konstitusion hukuklaryny üpjün etmek, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejeli döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek, şeýle hem adamyň hukuklary we azatlyklary babatynda ylmy-amaly barlaglary geçirmek üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty döredildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 23-nji iýulyndaky Permany bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk instituty goşuldy. Olaryň binýadynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty döredildi.
Döwlet Baştutanymyzyň sözlerine görä, geçen döwrüň dowamynda institut milli kanunçylygyň halkara hukuk kadalary bilen sazlaşykly ösmegine, ýurdumyzyň hukuk ulgamynyň kämilleşmegine gönükdirilen işleri alyp barmak bilen, Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça seljermeleriň geçirilmegine mynasyp goşant goşdy. Institut bu işleri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň utgaşdyrmagynda Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti hem-de beýleki hukuk goraýjy we döwlet dolandyryş edaralary bilen hyzmatdaşlykda ýerine ýetirýär. Institut seljermäge iberilýän hukuk namalarynyň taslamalaryna ylmy synlary işläp düzmäge, şeýle hem milli döwletlilik ýörelgeleri, hukuk öwrenişiň we demokratiýanyň derwaýys meseleleri boýunça okuw kitaplaryny, gollanmalaryny hem-de ylmy ýygyndylary çapa taýýarlamaga işjeň gatnaşýar. Institutyň işgärleri ýurdumyzyň ylmy-amaly žurnallarynda, gazetlerde makalalar bilen çykyş edýärler, teleradioýaýlymlarda Bitarap döwletimiziň ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny wagyz edýärler.
Gutlagda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda jaýdar bellenilişi ýaly, halk häkimiýetiniň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan demokratik däpleriniň döwlet gurluşynyň sazlaşygyny kesgitlemek bilen, ýurdumyzyň durnukly ösüşine milli özboluşlylyk berýändigi nygtaldy. Bu asylly däplerde türkmen döwletliliginiň gözbaşynda durýan çuňňur ynsanperwerlik, raýdaşlyk, agzybirlik, ynanyşmak, özara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri aýdyň şöhlelenýär.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň deňhukukly agzasy bolmak bilen, adam hukuklary babatda halkara konwensiýalaryň, ylalaşyklaryň we şertnamalaryň esasylaryna goşulandygyny ýatlatdy. Onuň sözlerine görä, ýurdumyz umumy ykrar edilen halkara kadalary milli kanunçylyga we hukuk ulanyş tejribesine yzygiderli ornaşdyrýar. «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň», «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» we «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» kabul edilmegi BMG-niň düzümleri we beýleki halkara guramalar bilen bilelikde adam hukuklary boýunça toplumlaýyn işleri durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyz milli hukuk ulgamynda ylmy seljermeleriň döwrebap ugurlary boýunça meýilnamalaýyn işleriň geçirilmegine ýaş alymlaryň işjeň gatnaşmagyna giň mümkinçilikleriň döredilýändigini aýratyn belledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň dowamynda 2026-njy ýylyň 20-nji maýynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti», 2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegini örän ähmiýetli taryhy wakalar diýip häsiýetlendirdi. Onuň sözlerine görä, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul eden 30-dan gowrak Kararnamalary ýurdumyzyň halkara hukugyň ösüşine goşýan mynasyp goşandynyň güwäsidir.
Döwlet Baştutanymyz «Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň döwletlilik ýörelgelerimiz, Türkmenistanyň kanunçylyk ulgamynyň halkara hukuk kadalary bilen sazlaşygy, milli demokratiýanyň ösüş ugurlary barada pikir alyşmakda, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli we ynsanperwer syýasatynyň durmuşa geçirilişini wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz gatnaşyjylara berk jan saglyk, uzak ömür hem-de işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi







