GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Tatarystanyň Baştutany Türkmenbaşyda «Tatar gyzy — 2026» bäsleşigini geçirmäge ýardam berendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi
23.10.2026

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa myhmansöýer Türkmenbaşy şäherinde «Tatar gyzy — 2026» atly halkara bäsleşigiň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli gutlag haty iberdi. Tatarystanyň Baştutany bäsleşigi geçirmäge ýakyndan ýardam berendigi, bildirilen myhmansöýerlik hem-de bäsleşigiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hoşallyk bildirdi.

Hatda bellenilişi ýaly, bäsleşik türkmen tarapynyň işjeň gatnaşmagy hem-de goldaw bermegi bilen geçirildi. Bäsleşigi guraýjylaryň ünsi we hemmetaraplaýyn goldawy bu çäräni halkara derejedäki ajaýyp waka öwürmäge mümkinçilik berdi. Jemleýji çärelere Russiýa Federasiýasynyň sebitlerinden we birnäçe daşary ýurt döwletlerinden gelen tatar halkynyň wekilleri gatnaşdylar, olaryň türkmen topragynda myhmansöýerlik bilen kabul edilmegi üçin ähli şertler döredildi.

Rustam Minnihanow türkmen halkynyň tatar halkynyň medeniýetine, däp-dessurlaryna we ruhy gymmatlyklaryna belent sarpa hem-de uly hormat goýýandygyny aýratyn belledi. Onuň sözlerine görä, Türkmenistanda şeýle möhüm taslamanyň geçirilmegi doganlyk halklaryň berk dostluk gatnaşyklarynyň we gadymdan gelýän ruhy ýakynlygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Dünýäniň köp ýurtlaryndan bu waka baradaky oňyn seslenmeleriň gelmegi dowam edýär, bu bolsa, hatyň awtorynyň pikiriçe, bäsleşigiň halkara derejede ykrar edilendiginiň aýdyň güwäsidir.

Ýeňiji diýen ada Özbegistan Respublikasyna wekilçilik eden Amina Mahmudowa mynasyp boldy. Rustam Minnihanowyň nygtaýşy ýaly, munuň özi taslamanyň dürli ýurtlardaky tatarlary umumy medeni däpler we gymmatlyklar esasynda birleşdirýändigini ýene-de bir gezek subut etdi.

Tatarystanyň Baştutany Türkmenistanda guralan bäsleşigiň medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, iki ýurduň ýaşaýjylarynyň arasyndaky dostlugyň hem-de özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Hatyň ahyrynda Rustam Minnihanow türkmen halkynyň Milli Liderine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa durnuklylyk, parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

 

 

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi