GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«PETRONAS» Türkmenistan bilen energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy maksat edinýär
22.10.2026

Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň «Upstream» ugry boýunça ýerine ýetiriji wise-prezidenti we Baş dolandyrjy direktory Mohd Jukris Abdul Wahab OGT 2026 konferensiýasynda eden çykyşynda kompaniýanyň ýurduň energetika pudagyny ösdürmekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edýändigine ynandyrdy.

Bellenilişi ýaly, PETRONAS Türkmenistanda infrastruktura, önümçilik kuwwatyna we hünärmenleri taýýarlamaga 12 milliard dollardan gowrak maýa goýdy. «Bu ýerdäki ýolumyz hiç haçan diňe uglewodorodlary özleşdirmek bilen çäklenmedi: ol kuwwaty artdyrmagy, mümkinçilikleri döretmegi, hünärmenleri taýýarlamagy hem öz içine alýar», diýip, kompaniýanyň wekili nygtady.

Kompaniýanyň soňky ädimleriniň hatarynda 19-njy we 20-nji deňiz bloklary boýunça ylalaşyklar, demirgazyk deňiz bloklarynda seýsmik agtaryş işleri hem-de 1-nji blok boýunça önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşygyň 25 ýyl uzaldylyp, 2050-nji ýyla çenli dowam etdirilmegi bar. «Bu maýa goýumlar Türkmenistana, sebite we hyzmatdaşlygymyzyň berkligine bolan ynamy görkezýär», diýip, çykyş eden wekil sözüni dowam etdi.

PETRONAS-yň wekili «Galkynyş» gaz känini dünýä derejesindäki baýlyk diýip häsiýetlendirdi, Türkmenistany bolsa sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygynda möhüm orny eýeleýän hormatly we ygtybarly energetika hyzmatdaşy diýip atlandyrdy.

Merkezi Aziýa taryhy taýdan sebitleriň arasyndaky köpri bolup durýar, onuň ähmiýeti diňe serişde binýady bilen däl, eýsem öndürijileri, sarp edijileri, maýadarlary we bazarlary baglanyşdyrmak ukyby bilen hem kesgitlenýär diýip, çykyş eden wekil belledi. «PETRONAS Merkezi Aziýanyň durnuklylygyny we onuň energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmak üçin sebitdäki teklip we isleg merkezleriniň integrasiýasynda has uly rol oýnamaga taýýar», diýip, ol mälim etdi.