«Galkynyş» gaz ýatagyny özleşdirmegiň dördünji tapgyry ýylda goşmaça 10 milliard kub metr harytlyk tebigy gazy taýýarlamaga mümkinçilik berer. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Sapar Bekjanow Aşgabatda geçirilen «OGT 2026» forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň gaz pudagyny ösdürmäge bagyşlanan sessiýada habar berdi.
2026-njy ýylyň aprelinde «Türkmengaz» bilen Hytaýyň «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.» kompaniýasy 4-nji tapgyryň desgalarynyň taslamasyny düzmek we olary doly taýýar edip gurmak boýunça şertnama baglaşdylar. Taslama halkara inženerçilik tejribesini we häzirki zaman tehnologiýalaryny çekmek arkaly Türkmenistanyň milli serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.
Täze tapgyrda ulanyş guýulary burawlanar, gazy ýygnaýjy we taýýarlaýjy desgalar, tehnologik gurnawlar, gaz geçirijiler hem-de inženerçilik kommunikasiýalary gurlar.
Sapar Bekjanowyň sözlerine görä, «Galkynyş» ýatagynyň özleşdirilmegi 4-nji tapgyr bilen çäklenmez: uzak möhletleýin strategiýa indiki önümçilik tapgyrlaryny göz öňünde tutýar, 2-nji we 3-nji tapgyrlaryň geljegi bolsa halkara tehnologik we maýa goýum hyzmatdaşlygy üçin mümkinçilikleri açýar.
Konserniň başlygynyň orunbasary «Türkmengazyň» beýleki meýilnamalary barada hem habar berdi. Konsern ýylda 5 milliard kub metre çenli gaz pompalamak kuwwaty bolan ýerasty gaz saklawhanasyny, şeýle hem häzirki hereket edýänleriniň ýerine täze «Şatlyk» we «Garagum» gysyjy (kompressor) beketlerini gurmagy meýilleşdirýär.







